Adam zehinsiz dogulmaýar (Bilim we geljek)

5 Awgust 2024
281

Ertekileriň ýa-da hyýaly dessanlaryň käbirinde gahryman haýsydyr bir uly maksat bilen uzak ýola düşer. Ýola düşdüň, ýol diýeniň uzabermelidir welin, asyl beýle bolaýmaz. Gahrymanyň öňünden üç ýol çykar: gitse, gelmez; gitse, geler; gümana. Üns berseň, şojagaz wagt kesimi gahrymanyň geljekki ykbalyny kesgitleýän aýgytlaýjy pursada öwrüler. Özem öz islegiň, duýgy-düşünjäň, aň-üşügiň bilen saýlanylmaly ýol ýetmeli menziliňe — uly maksadyňa golaýlaşýandygyňy ýa-da daşlaşýandygyňy görkezer, dogrusy, ykbalyňy kesgitlär.

Ykbalyň maňlaýdygyna, ýazgytdygyna, täleýdigine, şonuň üçinem, onuň alnymyza ýazylýandygyna ynanýarys. Şeýle-de öz ykbalymyzyň belli-belli pursatlaryny döretmäge ymtylýarys. Şoňa görä-de, ykbala ynam — bizi ýaşadýan, öňe tarap herekete atarýan uly güýç. Elbetde, ýaşaýyş — sungat. Sungat bolsa, aýdylyşy ýaly, «lokga daşyň ähli artyk bölegi ýonulyp-timarlanylyp döredilýän» eser. Diýmek, biz ykbalymyza eserdeň garap, ömrümize many çaýjak eseri döretmeli. Ol eser biziň hünär saýlawymyza bagly bolýar-da galyberýär.

Kakajan ÇARYÝAROW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň pedagogika mugallymy.
Beýleki habarlar