Okuwçylar medally dolandylar

3 Awgust 2024
298

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçirilen 56-njy halkara himiýa olimpiadasyna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Bu abraýly halkara ders olimpiadasyna dünýäniň 87 döwletinden 387 okuwçy gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşan Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy R.Jumaýew we 12-nji synp okuwçysy A.Atajanowa kümüş medala, şeýle hem şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy D.Döwletow, 12-nji synp okuwçysy J.Akmyradowa bürünç medala mynasyp bolup, himiýa dersinden ýokary bilim derejelerini görkezmegi başardylar.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar