Mümkinçilikleriň deňzi

2 Awgust 2024
202

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow VI Hazar sammitinde bu deňzi hut şeýle atlandyrdy. Şeýle diýmezçe-de däl. Hazar — bäş döwletiň arasynda ýerleşýän täsin suw giňişligidir. Ol uly köldür, daşky suwlara — deňizlere we ummanlara suw çykalgasy ýokdur. Emma şeýle ägirt uly bolansoň, adamlar oňa deňiz diýýärler, ähli resminamalarda, kartalarda, hatda iň gadymy kartalarda-da ol şeýle atlandyrylýar. Bu onuň birinji täsinligi. Ikinji täsinligi onuň Aziýa bilen Ýewropany birleşdirip durýanlygydyr. Hut şu ýagdaý hem onuň halkara ähmiýetini artdyrýar. Bu deňiz arkaly Türkmenistan Hazarýaka döwletleri bilen araçäkleşýär. Hazaryň türkmen kenary dostlugyň, parahatçylygyň, syýahatçylygyň mekany hökmünde dünýäde tanalýar. Hazar deňzi tebigy we biologik serişdeleri özleşdirmekde, ekologiýada, deňiz kenarynda dynç alşy guramakda, sporty we turizmi ösdürmekde, medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda örän ähmiýetlidir.

Hazarda we onuň sebitinde nebit bar, gaz bar, elektrik energiýasyny almakda oňaýly şertler bar. Suw jandarlarynyň — balyklaryň dürli görnüşi, şol sanda bekre balygynyň dünýädäki iň uly gory, dünýäde ýeke-täk görnüş bolan Hazar düwleni bar. Suwda we batgalyklarda ýaşaýan guşlaryň, şol sanda gyşda ýyly ýurtlara uçup gidende düşläp geçýän, köplenç hem Hazaryň kenarynda gyşlamaga galýan guşlaryň örän kän görnüşlerine duş gelmek mümkin. Hormatly Prezidentimiz Hazara «mümkinçilikleriň deňzi» diýende diňe bir döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň däl, eýsem, deňizdäki janly-jandarlar üçinem ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny göz öňünde tutupdyr diýesiň gelýär.

Seýitguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.
Beýleki habarlar