Hazaryň türkmen kenarynda medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine badalga berildi
Golaýda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde guralýan «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine badalga berildi. Oňa şu ýylyň 26 — 30-njy marty aralygynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 1-nji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat-goldawlary bilen bejergi alan ýurdumyzyň çagalary hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalar gatnaşýarlar.