Şatlyk-şowhuna beslendi

2 Awgust 2024
450

«Daýanç» sagaldyş merkezinde çagalar wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Çagalar dynç alşyň  ikinji gününde ir säher bilen deňiz kenarynda  dürli maşklary ýerine ýetirdiler. «Awazanyň» jana şypaly howasy bagtyýar çagalaryň göwünlerini göterdi. Ekologiýa taýdan arassa, jana ýakymly deňiz howasy ynsan saglygy üçin örän peýdalydyr. Şeýle mümkinçilige eýe bolan çagalar özlerini diýseň bagtly hasaplaýarlar. Olar özleri üçin uly mümkinçilikleri döredip beren hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

 Irki maşklardan soňra merkezdäki çagalaryň kiçi ýaşly toparlarynyň  arasynda  asfaltyň ýüzüne surat çekmek boýunça «Biz Watan buýsanjy — bagtly çagalar» atly ýaryş geçirildi. Oňa çagalar uly höwes bilen gatnaşdylar. Şeýle hem uly ýaşly toparlaryň arasynda sportuň tanap çekmek, estafeta aralyga ylgamak, ýeňil atletika, güýç synanyşmak görnüşleri boýunça ýaryşlar guraldy. Ýeňijilere sowgatlar gowşuryldy.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar