«Arkadagyň ak ýoly — watançylyk ýoly»

2 Awgust 2024
218

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda alyp barýan parasatly syýasatyny halka ýaýmak maksady bilen Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri wagyz-nesihat çärelerini, duşuşyklary, dabaralary yzygider guraýarlar. 1-nji awgustda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Arkadagyň ak ýoly — watançylyk ýoly» ady bilen guralan wagyz-nesihat çäresi hem ýurdumyzda uludan bellenilýän Garaşsyzlyk baýramynyň öňýanyndaky günlerde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlandy. Ony Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň, Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler  arkalaşygynyň geňeşleri hem-de «Aşgabat» teleýaýlymy bilelikde guradylar.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň halkymyzy ösüşli, şöhratly menzillere, belent sepgitlere ýetirendigi barada gyzykly gürrüň etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň il bähbitli başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän, bizi eşretli zamanada ýaşadýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyna alkyşly sözleri aýtdylar.

Maýa SARYÝEWA,
Medeniýet sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar