Awaza — dostluk mekany Hazaryň türkmen kenarynda medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine badalga berildi

2 Awgust 2024
139

Düýn Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde guralýan «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine badalga berildi. Hazaryň jana şypaly türkmen kenarynda geçirilýän bu çärelere şu ýylyň 26 — 30-njy martynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 1-nji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat-goldawlary bilen bejergi alan ýurdumyzyň çagalary hem-de paýtagtymyzda ýerleşýän Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalar gatnaşýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen dörän «akylly» şäherde geçirilen halkara matematika olimpiadasyna gatnaşyp, toparlaýyn medal sanawynda birinji orna mynasyp bolan russiýaly mekdep okuwçylary 31-nji iýulda paýtagtymyza geldiler. Olar paýtagtymyzda bolmagyň çäklerinde ýurdumyzyň ýaşlarynyň dürli ýyllardaky halkara bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri we taslama döredijilik işleri, çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň eserleri, kitap sergisi bilen tanyşdylar. Olar ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ösüşlerine, bu baradaky buýsançly habarlara, wakalara, halkara derejede ykrar edilen üstünliklere bagyşlanan wideoşekillere hem tomaşa etdiler.

Begli ABDYKADYROW.
Surata düşüren Andreý PAKULOW.
Beýleki habarlar