Arkadag ýyldyzy — ylham ganaty

1 Awgust 2024
165

Ýakynda asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos — Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişliklerinde ýerleşýän Pegas ýyldyzlar toplumyndan bir ýyldyzyň adyna «Arkadag» goýulmagy halkymyzyň başyny göge ýetirdi. Sebäbi Pegas baradaky düşünje türkmen halk döredijiliginiň jümmüşinde öz beýanyny tapýar. Dogrusy, halkymyz Pegas ýyldyzyny «Ganatly at» diýip atlandyrypdyr. Pegas barada greklerde hem özboluşly rowaýat bar. Emma ganatly at baradaky tymsal türkmen halkynyň ruhuna diýseň ýakyn.

Ir zamanda bir sazanda ýigit bolupdyr. Şol döwrüň wakalaryna laýyklykda, ol söweş tilsimlerini öwrenip, oňa ussatlyk bilen erk edipdir. Parahat günlerde bolsa şygyr ýazyp, ony saza goşup aýdym aýdýar eken. Onuň aýdym-sazyny diňlän hassa sagalýan, ýadaw bolsa ýadawlygy aýrylýan, garyp bolsa rysgaly açylyp, baýlyga eýe bolýan ekeni. Ine, şol ýigit, obada belli halyçy dört uýanyň ulusyny gowy görüpdir. Uýalar haly dokamaga örän ussat eken. Olar iki ýüzli haly, uçýan haly dokapdyrlar. Uçýan haly barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» atly kitabynda şeýle beýan edilýär:

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar