Agzybirlik binýady

30 Iýul 2024
154

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti hem täze türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Ajaýyp döwrümiziň gadyr-gymmatyny beýgeldýän şol taryhy wakalaryň il-ýurt bähbitli ugurlaryny we wezipelerini ilat arasynda wagyz etmäge, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny düşündirmäge gönükdirilen çäreler häzirki wagtda ýokary guramaçylyk bilen alnyp barylýar. Şu günler ýurdumyzda halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek baradaky karar bilen bagly wagyz-nesihat we düşündiriş işleri bolsa, barha işjeň ýagdaýa eýe bolýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda, Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek ählumumy maslahatyň maksady halk wekilleriniň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge, jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini berkitmäge, milli demokratiýany has-da ösdürmäge giňden gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Onuň ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramynyň garşylanýan günlerinde geçiriljekdigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzyň baş baýramynyň çuň manysy bilen utgaşýan bu taryhy maslahat merdana pederlerimiziň döwleti dolandyrmakdaky köp asyrlyk tejribesine esaslanýan halk häkimiýetiniň milli ýörelgeleriniň adalat binýadyny has-da pugtalandyrar.

Baýrammyrat AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar