Halk maslahaty — taryhy özgertmeleriň başlangyjy

30 Iýul 2024
162

Golaýda etrap häkimliginiň mejlisler zalynda etrap halk maslahatynyň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda “Halk maslahaty — taryhy özgertmeleriň başlangyjy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga etrap häkimliginiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap bilim bölüminiň işgärleri hem-de etrap halk maslahatynyň agzalary gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat duşuşygynda etrap häkiminiň orunbasary Gülbahar Nurýagdyýewa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hünärmeni Dürli Setdarowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Tylla Rahmedowa, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Ogulaman Orazmyradowa, Türkmengala etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň mugallymy Orazsoltan Annanazarowa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli işleriň giň gerime eýe bolýandygy, şeýle ösüş-özgerişli menzilleriň üstümizdäki ýylda has-da rowaçlanýandygy barada nygtadylar. Milli ykdysadyýetimizde ýetilýän belent sepgitler, il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda edilýän tagallalar täze üstünliklere ruhlandyrýandygyny aýratyn bellediler.

Beýleki habarlar