Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi

30 Iýul 2024
191

Aşgabat, 29-njy iýul (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny amala aşyryp, ählumumy meseleleriň çözgüdine, belent ynsanperwer ýörelgeleriň we gymmatlyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Adam hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde yglan eden hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalaryň ileri tutulýan wezipelerini durmuşa geçirýän ýurdumyz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär.

Beýleki habarlar