Akyldaryň watansöýüjilik ýörelgeleri

29 Iýul 2024
162

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek mynasybetli, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşi tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», şeýle hem Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi halkymyzyň başyny göge ýetirdi. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaralaryň we çäreleriň halkara derejesinde giň gerime eýe bolýandygynyň nyşanydyr.

Gündogaryň beýik söz ussady we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde watançylyk duýgularyna uly orun beripdir. Akyldar şahyryň ýürek arzuwlary häzirki ajaýyp döwrümizde wysal boldy.

Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň hünärmeni, žurnalist.
Beýleki habarlar