Garagum sährasynyň Bükriöleň obasynda dünýä inip, kemala gelen, häzir Artyk obasynda ýaşaýan Baýja (azan ady Baýsähet) bilen tanyş bolup, şu güne çenli gatnaşyp ýörüs. Wagtyň geçmegi bilen, ilkinji tanyşlyk dostluga öwrüldi. Garagum sährasynyň jümmüşindäki Gyzyljagala obasynda ýaşaýan, il arasynda giňden tanalyp, sarpalanýan Ak işan atamyzyň nesilleriniň tutan gelin toýlaryna, soňra bolsa Çalyş obasynyň günbatarynda ýerleşýän Bükriçaran obasynyň ýaşaýjysy Kakabaý agalaryň gelin toýlaryna gatnaşmak, ýakynda bolsa Garagum sährasynyň Hojameňli, Bükriöleň, Haşşan, Kyrkguýy, Garajaowlak obalarynda we beýleki ýerlerde bolmak nesip etdi.
Baýsähet bilen uzak ýola ýoldaş bolup, onuň diňe bir türkmen milli göreşi bilen meşgullanman, Garagum sährasyny ilik-düwme bilýän sähraýy adamdygyna hem göz ýetirdim.