Daşa surat çekmek

26 Iýul 2024
119

Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde köpimiz deňiz kenaryna, dag eteklerine ýa-da tebigatyň jümmüşine gezelenje gidýäris. Gezen ýerlerimizde tebigatyň gözelliklerine, okuw wagtynda görüp bilmeýän zatlarymyza duşýarys. Köplenç deňiz kenarlarynda daşy ýylmanak dürli şekilli daşlar ýa-da balykgulaklar duş gelýär. Eýsem, daşlara suratçekip ýa-da olary reňkläp öz eseriňizi döredip biljekdigiňiz barada pikir edip gördüňizmi?! Daşa surat çekmek çotga we reňk bilen ýerine ýetirilýär. Emma şekillendiriş sungaty dersindäkiden tapawutlylykda kagyzy däl-de, daşyň ýüzüni reňklemeli bolýar. Haýsy daşa nähili surat çekjekdigiňiz öz islegiňize bagly. Häzirki wagtda daşlary reňklemek köp ýerde sungat derejesine ýetip, diňe şonuň bilen meşgullanýanlar hem bar. Çagyla surat çekmek üçin dürli ýogynlykdaky çotgalary saýlap almaly. Ýüzi ýalpyldawuk däl-de, solak reňkli daşa reňk has gowy düşýär. Surat çekmezden ozal daşy mazaly ýuwup, arassalamaly, soňra guratmaly. Reňklemäge başlamazdan ozal gara galam bilen şekiliň daşyny çyzmaly. Soňra bolsa, halan reňkiňiz bilen reňklemeli. Ak, ýasy we ulurak daşlary has gowy reňkläp bolýandygyny unutmaň! Daşyň şekiline görä, ony haýwanlara ýa-da miwedir bakja ekinine- de meňzedip bilersiňiz. Balykgulaklar hem reňklemek üçin amatly tebigy önüm hasaplanýar.

Beýleki habarlar