Kömür önümçiligi azalar

26 Iýul 2024
88

Halkara energiýa agentligi «Kömür- 2024» atly maglumat taýýarlady. Maglumatda elektrik energiýasyny öndürmekde giňden ulanylýan bu magdanyň, esasan, Hytaýda we Hindistanda has köp sarp edilýändigi, bu iki ýurtdaky artyşyň netijesinde geçen ýyl dünýäde kömre bolan islegiň 2,6 göterim artandygy bellenildi. Kömre islegiň artmagynda elektrik energiýasyna islegiň ýokarlanmagynyň we gidroelektrik beketleriň önümçiliginiň pese gaçmagynyň täsiri bolupdyr. Dünýäde sarp edilýän kömrüň ýarysynyň Hytaýa degişlidigi bellenildi. Ýewropada kömre bolan isleg 2000-nji ýyllardan başlap azalyşyny dowam etdirdi. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda elektrik energiýasynyň önümçiligi kömürden 25 göterim azalypdyr. Günden we ýelden alynýan elektrik energiýasynyň çalt depginler bilen ösýändigine garamazdan, kömre bolan islegiň şu ýyl hem-de geljek ýyl üýtgewsiz bolmagyna garaşylýar. Şu ýyl Hytaýda elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň 6,5 göterim ösjekdigi sebäpli kömrüň sarp edilişiniň azalmagyna garaşylmaýar. Hindistanda bolsa, ýylyň ikinji ýarymynda kömre bolan islegiň azalmagyna garaşylýar. Maglumatda kömre bolan global islegiň belli bir sepgide ýetip, ýakynda azalyp başlajakdygy mälim edildi.

Beýleki habarlar