Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
— Döwlet derejesinde ýaş türgenler üçin döredilýän ajaýyp şertlerimiziň netijesini ýeňişli ýollar, nusgalyk sport üstünlikleriňiz arkaly görkezmelisiňiz. Siziň Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belentde parlatjakdygyňyza berk ynanýaryn.