Golaýda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezine hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Munuň özi merkezde geçirilýän barlaghana-synag işleriniň «Hil menejmentiniň ulgamy» diýen ugur boýunça TDS ISO 9001 standartynyň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. Ýeri gelende, Arkadag şäheriniň bir ýyllygynyň bellenilen gününde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna hem Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan şeýle güwänamanyň berlendigini nygtamak ýakymlydyr.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda 2016-njy ýylyň iýulynda açylyp ulanmaga berlen Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi ilata hyzmatlary hödürleýän döwrebap merkezleriň biridir. Onda geçirilýän barlaghana-gözegçilik işleriniň kämilleşdirilmegi hem-de halkara standartlara laýyklykda amala aşyrylmagy ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Bu ýerdäki işlere ISO 9001 standartynyň ornaşdyrylmagy merkeziň hünärmenleriniň öz işlerini ýokary derejede ýola goýýandygyny, zerur hyzmatlaryň gyşarnyksyz berjaý edilýändigini tassyklaýar. Degişli standartda göz öňünde tutulýan talaplara laýyklykda yzygiderli geçirilýän auditler we barlaglar merkeziň hil menejment ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Aslynda, ISO 9001 — bu dünýäde hili dolandyrmak boýunça ykrar edilen standart bolup, dürli görnüşli edaralara, guramalara işini kämilleşdirmäge, müşderileriň talaplaryny ödemäge hem-de özüniň hile ygrarlylygyny görkezmäge ýardam edýär. Onuň talaplary hil menejment ulgamyny döretmegiň, işe ornaşdyrmagyň, saklamagyň we yzygiderli ösdürmegiň tertibini kesgitleýär.