Döwletli ýörelgeler dabaralanýar

24 Iýul 2024
167

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda” nobatdaky Kararynyň kabul edilmegi bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň taýýarlyk işlerine özboluşly badalga boldy.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, halk hojalygynyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýär, ajaýyp üstünlikler gazanylýar, halkymyzyň durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda boljak Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyna degişli wajyp meselelere garaljakdygyna, munuň özi döwletimiziň bedew batly ösüşlerine has-da rowaçlyk berjekdigine ynanýarys. Şoňa görä-de, şu günler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda” Kararyndan gelip çykýan wezipeleri bilim işgärlerine düşündirmek işlerine giň gerim berildi.

Gurbangözel ALMAZOWA,
Tejen etrabyndaky 26-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar