Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Prezident Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we onuň baştutanlygynda Özbegistan Respublikasynyň durmuş-ykdysady ösüşde ägirt uly üstünlikleri gazanandygyny hem-de halkyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi. Häzirki döwürde Özbegistan okgunly ösýän hem-de ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ägirt uly goşant goşýan ýurtdur.