Ruhy çeşme

23 Iýul 2024
199

Adamyň tebigatyna bilmek, öwrenmek, ösmek, döretmek mahsus. Bu zerurlygy kanagatlandyrmak üçin gadym döwürlerden bäri kitaplar esasy çeşme bolup hyzmat edýär. Türkmen halky kitaplara mukaddeslik hökmünde garap, gadymy golýazma kitaplary gözüniň göreji ýaly gorap, nesillerden-nesillere geçiripdirler. Kitaplar adamyň durmuşda öz mynasyp ornuny tapmagynda gymmatly durmuş mekdebi, nesil terbiýesiniň özeni bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly kitabynda Anna mugallym bilen Berdimuhamet mugallymyň bilim we terbiýe bermegiň usullaryny kämilleşdirmek boýunça «Nesillere nesihat» depderindäki maslahatlar nesil terbiýesinde gymmatly ähmiýete eýedir. Anna aga il arasynda kitaphon adam hökmünde tanalypdyr, bir ýerlerde del kitap bar diýip eşitse, ähli işini taşlap, uzak ýola geçip, şol kitaby satyn alyp geler eken, hatda satmaga diýip äkiden üzümini çelpek ýaly ýukajyk kitaba çalşyp gelen pursatlary hem bolupdyr. Şeýdip iki sany äpet uly sandyk dolusy kitap, golýazma, öz pikir-garaýyşlary ýazylan doly hazyna döreden Anna aga ýaly adamlar milli gymmatlyklarymyzyň, apalap saklaýan mukaddesliklerimiziň asyrlarboýy aman galyp, nesillere geçip gelmeginde bahasyz hyzmat görkezipdirler. Ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» atly hekaýasynda güzerany bilen başagaý Welmyrat aganyň guba düýesini bir kitaba çalşyp gelşi örän çeper, halky dilde beýan edilýär. Şol kitabyň Magtymguly Pyragynyň golýazma diwany bolup, onuň nesiller tarapyndan mukaddeslik hökmünde saklanylandygy her bir türkmeni duýgulandyrýar.

Häzirki döwürde kitaphana işleri hem döwrebap ösdürilýär. Prezident Maksatnamasynda bu ulgamy yzygiderli ösdürmek, halkara kitaphana ulgamy arkaly kitaplary we beýleki neşir önümlerini alyşmak, okyjylaryň sanyny artdyrmak, çagalar kitaphanalaryny ösdürmek, şeýle hem ýaşlar, aspirantlar we ylmy işgärler bilen alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär. Kitaphanalara okyjylary çekmek işini ýokarlandyrmak, esasan-da mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara kitaphana hyzmatynyň döwrebap usullaryny hödürlemek babatdaky işleri kämilleşdirmek boýunça çäreler dowam etdirilýär. Kitaphanalaryň üsti bilen, terbiýeçilik işlerini güýçlendirmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki zamanyň ýokary hilli neşir önümleri bilen olaryň üsti ýetirilip durulýar. Köpçüligiň gelim-gidimli ýerine öwrülen bu medeni ojaklar ylmyň we bilimiň ösmegine, adamlaryň aň-düşünjesiniň kämilleşmegine uly täsir edýän merkezlere öwrülýär. Sanly tehnologiýalaryň ösmegi bilen, elektron kitaphanalar jemgyýetde barha giň gyzyklanmalara eýe bolýar. Kitaphanalaryň işlerini halkara standartlaryna laýyklykda gurnamak, okyjylara öňdebaryjy maglumatlar tehnologiýalarynyň esasynda hyzmatlary hödürlemek maksatlary bilen, Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalaryň düzüminde merkezi, welaýat, şäher we etrap kitaphanalary birleşdirýän bir bitewi elektron kitaphana ulgamy döredildi. Elektron sanaw Türkmenistanyň tutuş kitap gaznalaryny öz içine alýar. Elektron kitaphanasynyň bolmagy sanly görnüşe geçirilen ýazgylardan peýdalanmaga, kitaplaryň elektron görnüşlerini almaga mümkinçilik döredýär. Kitaphanalarda, bilim-terbiýeçilik edaralarynda guralýan medeni-köpçülik çäreleri, geçirilýän terbiýeçilik işleri hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň many-mazmuny bilen jebis baglanyşdyrylyp geçirilýär. Bu bolsa ýaşlara berilýän döwrebap bilimleriň çuňňur ylmy esasda bolmagyny hem-de milli mirasymyza esaslanmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Saparsoltan MELÄÝEWA,
Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar