Ak arzuwlar bilen arzyly oýunlara

22 Iýul 2024
178

Dörtýyllygyň iň möhüm sport baýramçylygy hasaplanýan Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp, ýurdunyň abraýyny goramak her bir türgeniň arzuwydyr. Düýn — 22-nji iýulda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy hem bu hakykaty äşgär etdi.

Dabara hormatly Prezidentimiziň XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Gutlagda milli sportuň ösen ulgamynyň kemala gelýän döwründe döwletimiziň sport abraýyny ýokarlandyrmagyň, ilkinji nobatda, olimpiýaçylaryň paýyna düşýändigi bellenilýär. Şeýle hem türkmen olimpiýaçylarynyň XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belentde parlatjakdygyna berk ynam bildirilýär.

Taýýarlan Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».
Beýleki habarlar