Täze kitaplar gelip gowuşdy

22 Iýul 2024
168

Welaýat kitaphanamyza «Galkynyş» kitap merkezinden täze kitaplar gelip gowuşdy. Olaryň arasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň bolmagy bizi örän begendirdi. Şonuň ýaly-da Gözel Şagulyýewanyň «Belent boýly ussadym», Neda Bergeriň «Söýýän seni Türkmenistan» atly kitaplary hem bar. Täze kitaplaryň hatarynda «Haýyrly hazyna», «Ady bar-da, özi ýok», «Ak jeren we owlajygy hakynda rowaýat» atly kitaplaryň, «Magtymguly, sözle bu şirin dilde» atly ylmy makalalar ýygyndysynyň, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň iki jiltiniň bolmagy okyjylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Täze gelen kitaplar welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri tarapyndan hasaba alnyp, degişlilikde şäher, etrap merkezi kitaphanalaryna we olaryň şahamçalaryna paýlanyldy. Kitaplar baradaky maglumatlar kitaphanamyzyň elektron katalogynda, elipbiý we pudaklaýyn kataloglarynda hem ýerleşdirildi. Kitaphanaçylar täze gelen kitaplary kitap sergileriniň, tanyşdyrylyş dabaralarynyň, synlaryň, edebi agşamlaryň üsti bilen wagyz edýärler.

Edebi mirasymyza çuňňur sarpa goýýan, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Amangözel TAGANDURDYÝEWA,
welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar