Medeni ösüşiň ak ýoly

22 Iýul 2024
176

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda «Magtymguly Pyragy — medeni ösüşiň ak ýoly» atly söhbetdeşlik geçirildi. Welaýat kitaphanasynda geçirilen çärä bilim, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, ýerli şahyrlar gatnaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde zenan mertebesiniň tutýan orny hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynda enelere, zenanlara goýulýan hormat-sarpa barada giňişleýin gürrüň edildi. Bu kitaplaryň ýaş nesilleri terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigi, olaryň bagtyýar raýatlarymyzyň ýankitaplaryna öwrülendigi barada buýsanç bilen bellenildi. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ylmy taýdan öwrenilmegine, dünýä ýaýylmagyna giň ýollary açan, täze-täze kitaplary bilen halkymyzy begendirip durýan Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

Nursoltan Depbiýewa.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».
Beýleki habarlar