«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024
Agyr atletika boýunça halkara derejeli emin, Türkmenistanyň Agyr atletika milli federasiýasynyň baş kätibi Çarygeldi Mämmedowyň ady köplere tanyşdyr. Ol ýurdumyzyň çempionatlarynda, şeýle-de, halkara ýaryşlarynyň birnäçesinde eminlik etdi. Ýadyňyzda bolsa, ol Tokio Olimpiadasynda eminlik edip, bilermenleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Bu günki gün bolsa Çarygeldi Mämmedow Parižde guraljak oýunlara gatnaşmaga taýýarlanýar. Biz milli ýygyndymyzyň Olimpiýa oýunlaryna ugradylyş dabarasynyň öňüsyrasynda Çarygeldi Mämmedow bilen söhbetdeş bolduk.