Bir etrapdan iki habar

19 Iýul 2024
224

Gowaçalaryň göwnejaý idegi

Gowaçalara talabalaýyk ideg edilmegi bol hasylyň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň kärendeçi daýhanlary bu çäräni ýokary depginde dowam etdirýärler. Şu günlerde gowaçalar goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär, zyýankeşlerden pugta goralýar, ösüş suwy tutulýar. Gowaça meýdanlarynda daýhan birleşiklerine, şeýle hem etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasyna degişli tehnikalaryň 73-si işledilýär.

Çynar BERDIKULYÝEWA,
TAP-nyň welaýat komitetiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar