Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamy geldi
Golaýda ýokardaky at bilen TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýygnaklar zalynda dabaraly maslahat geçirildi. Maslahat welaýat häkimligi, TDP-niň welaýat komiteti, TKA-nyň welaýat birleşmesi hem-de Dünýä türkmenleriniň Ynsanperwer birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan guraldy. Aýdym-sazly dabaraly maslahata ýokarda ýatlanan edaralaryň we beýleki ulgamlaryň işgärleri gatnaşdylar. Şeýle hem “Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamy geldi” atly dabaraly maslahata ady agzalan Ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtly agzalary hem gatnaşdylar.