Goşa galaktika tapyldy

19 Iýul 2024
162

Jeýms Webb adyndaky kosmos teleskopy arkaly 326 million ýagtylyk ýyly uzaklykda gök reňkli ýyldyzlardan we gaz bulutlaryndan emele gelen iki galaktika anyklandy. Bu galaktikalar bir-birleriniň içine girip duran ýagdaýynda surata düşürildi. NASA- nyň astronomlary bu iki galaktikanyň on millionlarça ýyldan bäri bir-birine «ýapyşyp » durandygyny belleýärler. Astronomlaryň bellemeklerine görä, bu galaktikalar milliardlarça ýyldan soňra birleşip, bitewi galaktika öwrüler. NASA şeýle ýagdaýyň 4 milliard ýylyň dowamynda Akmaýanyň ýoly galaktikasy bilen Andromeda galaktikalarynyň arasynda hem bolup geçjekdigini belledi. Jeýms Webb teleskopy 2021-nji ýylyň ahyrynda Habbl kosmos teleskopynyň ornuny tutmak üçin uçurylypdy. Kosmosyň çuňluklarynda has dury suratlary almaga mümkinçilik berýän ýokary tehnologiýanyň önümi bolan bu teleskopy ABŞnyň awiakosmos agentligi (NASA) bilen bir hatarda Ýewropa Kosmos agentligi hem-de Kanada Kosmos agentligi bilelikde işläp taýýarlady. Gurbanmämmet A manow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Magtymguly etrap birleşmesiniň başlygy.

Beýleki habarlar