Bilim işgärleriniň awgust maslahatlaryna

16 Iýul 2024
1145

Körpelerde zähmet endiklerini terbiýelemek

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesillere sowat öwredilende, işjeň usullardan peýdalanýarys. Çagalara sowat öwretmek, ýönekeý matematiki düşünjeleri, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak sapaklaryna çagalaryň gyzyklanmalaryny artdyrmak möhümdir. Munuň üçin görkezme esbaplardan, elde ýasalan şekiljiklerden, multimedia tagtasynda slaýdlardan peýdalanýarys. Mysal üçin, ýönekeý matematiki düşünjeleri öwretmekde çagalara slaýd şekillerini görkezmek has täsirli bolýar. Terbiýeçi slaýdda nämeleriň bardygyny ilki özi tanyşdyrýar. Berlen gyzykly soraglar boýunça çagalar terbiýeçiniň beren gürrüňini diňleýärler we slaýddaky şekilleri sanaýarlar.

Beýleki habarlar