Ylymlar dünýäsinde täze basgançak

16 Iýul 2024
270

Welaýatymyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde talyplyga dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty öňümizde duran okuw ýylyndan başlap, diňe bir Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynda däl, eýsem, ýurduň Ahal we Balkan welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýaşaýan ýaşlara hem mugallymçylyk hünäri boýunça bilim berip başlar.

Dalaşgärlerden resminamalar ýurduň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kabul ediler. Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden bolan dalaşgärler resminamalaryny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda tabşyryp bilerler. Resminamalary kabul edişlik 15-nji iýulda başlanyp, 28-nji iýulda tamamlanar. 31-nji iýuldan 17-nji awgust aralygynda bolsa giriş synaglary geçiriler. Giriş synaglary Türkmenabat şäherinde geçiriler.

Amangözel TAGANDURDYÝEWA,
welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar