Bäsleşik geçirildi

16 Iýul 2024
308

Golaýda Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Köýtendag etrap geňeşiniň guramagynda etrapdaky 1-nji çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde orta mekdepleriň okuwçy gyzlarynyň arasynda «Datly tagamlar» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň maksady gyzlaryň ýaşlykdan türkmen milli tagamlary bilen giňden tanyşmaklaryny, olaryň taýýarlanyş usullaryny özboluşly öwrenmeklerini hem-de dynç alyş döwründe boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmakdan ybaratdyr.

Emin agzalarynyň ses bermeginde ýeňijiler yglan edildi. Netijede, birinji orna etrapdaky 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Roza Azadowa, ikinji orna Aýnura Şakirjanowa, üçünji orna bolsa Arzuw Babamuradowa mynasyp boldy. Ýeňijilere Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Köýtendag etrap geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ogulaý HOJAMURADOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Köýtendag etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar