Ýaglar we saglyk

16 Iýul 2024
221

Her bir adamyň sagdyn iýmitlenmek tertibinde beloklar, uglewodlar bilen bir hatarda, ýaglaryň bolmagy hem wajypdyr. Ýöne şunda olaryň görnüşine we mukdaryna üns bermek zerurdyr. Ýaglaryň dürli görnüşleri bar. Tagam taýýarlananda olaryň haýsy görnüşiniň ulanylmalydygyny bilmek bedende artykmaç agramyň döremeginiň öňüni almakda möhüm şertleriň biridir. Tebigatda ýaglar ösümliklerden we mallardan alynýar. Mal ýaglary, adatça, gaty halda bolup, diňe balyk ýagy suwuk görnüşdedir. Ösümlik ýaglarynda hem kokos ýagy gaty görnüşde bolýar. Häzirki döwürde olary birleşdirip, täze görnüşli ýaglar-da alynýar. Olara spred ýaglar diýilýär.

Spred — (spread — iňlisçeden terjime edilende çalma, süýndürme diýmek) ösümlik ýaglaryndan gelip çykan emulsion ýagly önüm bolup, onda umumy ýagyň mukdary 39 göterimden az bolmaly däl. Maýyşgak gurluşly, ereme temperaturasy 36 gradusdan ýokary däl. Spred margariniň bir görnüşi bolup, oňa başgaça «buterbrod ýagy», «kombinirlenen ýag», «ýeňil ýag» hem diýilýär. Adatça, spredlere mesge ýagynyň ysyny, tagamyny we reňkini berýän hoşboý ys berijiler goşulýar. Häzirki wagtda daşary ýurtlarda diňe ösümliklerden taýýarlanýan iýmit önümlerini ulanýanlaryň sanynyň artmagy bilen, spred ýaglaryna bolan isleg has-da ýokarlanýar.

Şirin WELLANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar