Ýiti Gün şöhlesinden goranalyň!

15 Iýul 2024
200

Güneşe baý Diýarymyzda tomus pasly dowam edýär. Tomus medeniýetli dynç alşyň gyzgalaňly döwrüdir. Gün şöhlesiniň, arassa howanyň, dury suwuň adam saglygy üçin peýdasy hemmä mälimdir. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylanda, ol bedeniň immun ulgamyny pugtalandyrýar. Ýöne Günüň aşagynda uzak gezilmegi adamyň saglyk ýagdaýyna ýaramaz täsir edip biler. Gün urmak howanyň gyzan döwründe Günüň aşagynda uzak wagtlap bolunmagy sebäpli bedeniň aşa gyzmagynyň netijesinde, merkezi nerw ulgamyna zeper ýetmegidir. Munuň sebäbi bedeniň suwy, mineral duzlary ýitirmegi we ýylylygy kadalaşdyrýan ulgamlaryň bozulmagy bilen baglydyr. Gün urmasy ýüze çykan ýagdaýynda bedeniň deri örtügi gyzarýar, guraksylanýar, ýadawlyk, kellagyry, baş aýlanma, mejalsyzlyk, aýaklarda agyry, kähalatlarda gaýtarmak, ýüregiň çalt urmagy, huşuňy ýitirmek, uka meýillilik, gulaklaryň şaňlamasy ýaly hadysalar ýüze çykýar. Bedeniň gyzgyny ýokarlanýar. Öz wagtynda kömek edilmese, ýagdaýyň has-da agyrlaşmagy mümkin.

Gün uran halatynda ejir çekene köp suwuklyk — sowujak suw, aýran, gök çaý içirmeli.

Alma HALMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki 9-njy saglyk öýüniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar