Konditer önümleri

15 Iýul 2024
235

Her bir dükanyň tekjelerinde owadan ýalpyldawuk süýji gaplary bilen örtülen ýa-da reňkli gutulara gaplanan dürli görnüşli süýjüleri, şeýle hem konditer önümlerini tapyp bilersiňiz: Çagalar we ulular süýjülikleri gaty gowy görýärler we süýjüsiz nädip ýaşap boljakdygyny göz öňüne getirip bilmeýärler. Islendik dynç alyş saçagynda hökman her dürli süýjülik bar, her bir dynç alyş hem süýjüliksiz bolmaýar. Şeýle-de bolsa, telewizoryň ekranyndan, iýmitleniş hünärmenleriniň çykyşlaryndan ugur alsak, süýjüleriň we konditer önümleriniň gereginden artyk iýilmeginiň saglyk üçin zyýanlydygyny eşidýäris we olardan az iýmelidigine düşünýäris. Süýjüler hakda aýdanymyzda bolsa, şeker we uglewodlar diýmekdir. Süýjüleriň bedenimize hakykatdanam zyýanlydygyny ýa-da iýip boljak “ygtybarly” süýjüleriň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamalydyrys.

Konditer önümleri köp mukdarda şeker saklaýan süýji önümleridir. Bular aňsat siňdirilýän uglewodlaryň (şekerleriň) çeşmesi bolup, esasan hem uglewodlaryň we energiýanyň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Olar ýakymly tagamy we ýokary kaloriýalylygy bolmagy bilen tapawutlanýar. Esasan hem desert önümleri, çaý önümleri hökmünde ulanylýar, olaryň aýratynlyklary dürli-dürlüdir. Konditer önümleriniň (şeker, şokolad, süýji, köke we ş.m.) ýokumlylygy beýleki iýmit toparlarynyň iýmitleniş we biologiki bahasyndan pesdir. Olar iýlende, konditer önümlerini sarp edijiniň ýaşy göz öňünde tutulmaly. Çagalaryň ýokary fiziki işjeňligini we şonuň bilen baglanyşykly ýokary energiýa sarp edilişini göz öňünde tutup, konditer önümlerini olaryň iýmitlenişinde zerur däl hasaplap bolmaz, ýöne hemme zat ulanylanda, kabul edilende kadaly bolmaly. Oňa mysal edip: 3-10 ýaşly çagalara günde 10 gram, 11-18 ýaş aralygy çagalara 15 gram, ululara 40 gram konditer önümlerini iýmek maslahat berilse gowy bolar.

Gündogy SOPYÝEW,
Ahal welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaramagyna garşy göreşmek gullugynyň iýmit gigiýenasy bölümçesiniň müdiri.
Beýleki habarlar