Zyýaratlaryňyz kabul bolsun!

11 Iýul 2024
332

Biz beýik ýurduň raýatlary. Bu hakykaty halk üçin her bir raýat üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleri netijesinde, ruhy päkligiň, arassa ahlaklylygyň baýramy bolan mübärek Gurban baýramynyň bellenilýän aýynda ildeşlerimiziň ençemesi  haj parzyny ýerine ýetirip gelen pursatlarynda has-da aýdyň duýulýar. Yslam dininiň bäş parzynyň biri bolan haj parzyny berjaý etmek, mukaddes Käbä zyýarat etmek ildeşlerimiziň kalplarynda egsilmez kanagatnama duýgularyny oýarýar. Bilşimiz ýaly, haj parzyny berjaý etmek üçin ýurdumyzdan köp sanly zyýaratçy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Saud Arabystanyna iberildi.

Ildeşlerimiziň haj parzyny berjaý etmekleri üçin her ýyl Saud Arabystanyna zyýarata iberilmegi ýurdumyzda medeni-ruhy gymmatlyklarymyza aýratyn ähmiýet berilýändigini, milli ynsanperwer däplerimiziň mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär. Ýakynda zyýaratçylar dini däpleri, keramatly ýerlere haj parzyny berjaý edip, sag-aman ýurdumyza dolanyp geldiler.

«Diýar».
Beýleki habarlar