Emeli aňa bagyşlanan maslahat. Şanhaýda 4-7-nji iýul aralygynda emeli aň boýunça VII Bütindünýä maslahaty geçirildi. Çärä bütin dünýäden 500-den gowrak myhman gatnaşdy. Maslahatda iki müň töweregi innowasion tehnologiýalar bilen tanyşdyryldy. Olaryň arasynda adamsypat robotlar, uçarmansyz ulaglar we dronlar bar.
Rekordy täzelän ýol. Hytaýda birbada 10 sany dünýä rekordyny täzelän ägirt uly Şençžen-Çžunşan deňiz ýoly açyldy. 24 kilometrlik ýol 2 şäheriň arasyndaky ýoluň wagtyny iki sagatdan 30 minuta çenli azaldar. Taslamanyň gurluşygy ýedi ýyl dowam etdi we umumy çykdajylar 1,5 milliard dollar boldy.