At­gu­lak – der­man­lyk ösüm­lik

12 Iýul 2024
200

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hä­zir­ki za­man luk­man­çy­ly­gyn­da der­man­lyk ösüm­lik­ler giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Ola­ryň kö­pü­si bir­nä­çe ke­sel­le­ri be­jer­mek­de mö­hüm se­riş­de bo­lup hyz­mat ed­ýär. Yn­san hem is­len­dik jan­ly or­ga­ni­zim ýa­ly ösüm­lik dün­ýä­si bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr hem-de bio­lo­gi­ki nuk­daý­na­zar­dan oňa has ýa­kyn­dyr.

Bi­ziň gü­neş­li Di­ýa­ry­myz der­man­lyk ösüm­lik­le­re örän baý­dyr. Şeý­le der­man­lyk ösüm­lik­le­riň bi­ri hem ekin ýer­le­rin­de, ýol gy­ra­lar­da, dag-düzlerde ýe­tiş­ýän at­gu­lak­dyr. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jilt­li, yl­my-en­sik­lo­pe­dik ki­ta­byn­da hem türk­men te­bi­ga­ty­nyň ösüm­lik dün­ýä­sin­de äh­mi­ýet­li or­ny eýe­le­ýän at­gu­lak ba­ra­da gym­mat­ly mag­lu­mat­lar öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. At­gu­lak­dan dür­li mel­hem­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň we ulan­ma­gyň usul­la­ry ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Bu ösümlik ir­ki za­man­lar­dan bä­ri der­man­lyk mak­sat­lar üçin peý­da­la­ny­lyp ge­lin­ýär. Onuň te­ra­pew­ti­ki ula­ny­ly­şy örän giň­dir. Ösüm­lik ba­ra­da­ky il­kin­ji mag­lu­mat­lar Abu Ali ibn Si­na­nyň dün­ýä bel­li «Luk­man­çy­lyk yl­my­nyň ka­nun­la­ry» we Abu Reý­han Bi­ru­ny­nyň «Luk­man­çy­lyk­da far­ma­kog­no­zi­ýa» eser­le­rin­de be­ril­ýär. At­gu­la­gyň ýap­ra­gy ga­ny tog­tat­mak­da, ör­gün­li gi­ji­le­wük (kra­piw­ni­sa) ke­se­li bi­len ke­sel­län­le­ri be­jer­mek­de giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Ösüm­li­giň ýap­ra­gy, kö­ki we to­hu­my ba­gyr­da­ky, böw­rek­dä­ki hem pe­şew hal­ta­syn­da­ky dy­kyn al­ma­la­ry aç­ýan­dy­gy ba­ra­da Mu­ham­met Hü­se­ýin özü­niň bel­li «mel­hem­ler ha­zy­na­sy» işin­de be­ýan ed­ýär.

Beýleki habarlar