Mälim bolşy ýaly, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek we pugtalandyrmak açyklyk, parahatçylyk söýüjilik, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýerýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz 1992-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, geçen ýyllaryň dowamynda ähli halklaryň deňligi we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinde halkara gatnaşyklary utgaşdyrýan edara hökmünde bu iri guramanyň abraýyny pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär. 5 — 7-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistana amala aşyran sapary hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açdy. 6-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen bu iri düzümiň ýolbaşçysynyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda geçirilen ikiçäk gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, daşky gurşaw, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin Milletler Bileleşigi hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen alnyp barylýan gatnaşyklary has-da berkitmegi maksat edinýändigi aýdyldy. Myhman türkmen tarapynyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge we uzak möhletleýinlik, özara hormat goýmak esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga işjeň çemeleşýändigine ýokary baha berip, Garaşsyzlyk ýyllarynda parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini toplan Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde BMG-niň möhüm we strategik hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini nygtady. Ýurdumyzyň raýatsyzlygyň öňüni almaga hem-de azaltmaga degişli meseleleri çözmekdäki uly tagallalary üçin aýratyn hoşallyk bildirildi.