Hemra Şirowyň poeziýasynda çeperçilik serişdeleri

11 Iýul 2024
313

Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen çagalar edebiýatynyň ösüşi üçin çagalar ýazyjy-şahyrlarynyň döwür bilen aýakdaş ýöräp, döwre görä seslenmeleri aýratyn ähmiýetlidir. Bu döwrüň çagalar edebiýatynyň ösmegine özleriniň özboluşly eserleri bilen Kaýum Taňrygulyýew, Atamyrat Atabaýew, Kasym Nurbadow, Agageldi Allanazarow, Atajan Annaberdiýew, Hemra Şirow, Azat Rahmanow, Pirnepes Öwezliýew, Ogulsenem Taňňyýewa, Allaberdi Haýydow, Gurban Çöliýew, Aky Baýmyradow... ýaly ýazyjy-şahyrlarymyz uly goşant goşdular. Bu ýazyjy-şahyrlar terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolan eserleri bilen çagalaryň aňynda il-günümize, ata Watanymyza bolan söýgini terbiýelemek üçin galamlaryny ezber işleden halypalardyr.

Çagalar edebiýatynyň özboluşlylygy şahyryň, ýazyjynyň çaga aňyna düşünişine, oňa aralaşyp bilşine, çaga aňy bilen çeper aňyň sepleşigini tapyp bilşine bagly. Çaganyň psihologiýasyny çuňňur bilmek, edebiýatyň hem sungatyň kömegi bilen çaga estetiki terbiýe bermek, çaga dünýäsiniň ýakymly duýgulardan doly bolmagyny gazanmak çagalar edebiýatynyň esasy wezipesi. Çaga durmuşa, töwerege özboluşly seredýär. Onuň dünýäsiniň täsinligi hem şundadyr. Ol görýän, eşidýän, duýýan zatlaryna özüçe düşünjek, sowallaryna jogap tapjak bolup synanyşýar. Şu özboluşlylyga ýol tapmak bolsa çagalar edebiýatyna wepaly şahyryň wezipesi.

Arzuw AÇYLOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar