Şanly ýyl mynasybetli dabara geçirildi

11 Iýul 2024
259

Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli dabara geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de etrap medeniýet bölümi tarapyndan guralan dabara saz-söhbede beslendi.

Dabarada şanly ýylymyzda berkarar Watanymyzda bolup geçýän taryhy wakalar, dürli ugurlarda gazanylan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, şeýle-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Beýik döwrümiziň gadyr-gymmaty, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ulus-ilimiziň bagtyýarlygy ugrunda edilýän tagallalary barada aýdylanlar uly gyzyklanma döretdi.

Rejepgeldi ATAJANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar