Tomsuň taýsyz tagamy

10 Iýul 2024
377

Tomus paslynyň gelmegi bilen çagalaryň we ulularyň buzgaýmak, sowadylan miwe şerbetlerine bolan islegi barha artýar. Howanyň yssy mahallarynda buzgaýmak bedeniňi sowatmaga ýardam berýär. Ýöne bu süýji tagamyň başga-da peýdaly taraplary kändir. Alymlaryň tassyklamaklaryna görä, buzgaýmagyň ýadawlygyňy aýyrmakda, dartgynlylygy ýeňip geçmekde-de ähmiýeti uludyr.

Bilşimiz ýaly, bu tagam süýtden hem-de gaýmakdan taýýarlanylýar. Olaryň düzümindäki triptofan beýni öýjüklerini rahatlandyrýar. Şähdiňi açýar, ukyňy kadalaşdyrýar. Buzgaýmagyň daşy, köplenç halatda, şokoladly bolýar. Şokoladyň keýpiňi göteriji, gan basyşyňy kadalaşdyryjy güýje eýedigini bellemek hökmanydyr. Gippokrat hem şokoladyň «ýaltalygy bejerýändigini» aýdyp geçipdir.

Atanyýaz HANGELDIÝEW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar