Balkan welaýaty: arzyly sepgide ýetildi

10 Iýul 2024
262

Balkan welaýatynyň edermen oba hojalykçylary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pudagy düýpli ösdürmek babatda kabul eden taryhy kararlarydyr çözgütlerine mynasyp jogap bermek ugrunda yhlas edýärler. Welaýatyň zähmetsöýer daýhanlarynyň ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda azyklyk ak bugdaýyň bereketli hasylyny taýýarlamak babatdaky borçnamalaryna abraý bilen hötde gelendikleri-de muňa doly şaýatlyk edýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 5-nji iýulynda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Welaýatyň gallaçylarynyň eýelän belent sepgitleri olaryň tutanýerli zähmetiniň ajaýyp miwesi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagyny düýpli ösdürmäge gönükdirilýän tagallalaryň netijesidir. Ýeri gelende aýtsak, balkanly gallaçylar indi bassyr üç ýyl bäri welaýatlaryň arasynda azyklyk bugdaý taýýarlamagyň meýilnamasyny ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetirmegiň hötdesinden gelýärler.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Andreý PAKULOW.
Beýleki habarlar