Ýeralmanyň bol hasyly

9 Iýul 2024
247

Ýer — hazyna. Daýhanlar bolsa şol hazynanyň eýeleri. Bu hazynanyň bereket çeşmesi olaryň yhlasly zähmetinde jemlenýär. Ene topraga maňlaý derini siňdirip, bol hasyl alýan kärendeçileriň, daýhanlaryň ykbaly göterildi. Saçaklaryň berekedini artdyrýan, ata Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna goşant goşýan edermen daýhanlar päk zähmetiň rehnedini görüp ýaşaýarlar.

Ene topraga yhlasly hyzmat edip, ondan bol hasyl alýan janypkeş daýhanlar Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşiginde-de köp. Olar ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg etmekde, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmakda baý tejribe topladylar. Ýer eýeleri soňky ýyllarda gowaçadyr bugdaý bilen birlikde ýeralma, kelem, käşir ýaly gök ekinleri hem köpçülikleýin ýetişdirýärler, olardan bol hasyl alýarlar.

Jennet RAIMBAÝEWA,
öz habarçymyz. Surata düşüren Merdan Orazow.
Beýleki habarlar