Dowamat tapýan hyzmatdaşlygyň ösüş ýoly bilen

9 Iýul 2024
243

Halkara gatnaşyklarynda bolup geçýän wakalara işjeň gatnaşmak, häzirki döwürdäki wajyp ähmiýetli meseleleri çözmekde beýleki döwletler, iri halkara we sebitleýin düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligine hemmetaraplaýyn goşulyşmagyna gönükdirilen syýasatyň möhüm ugry bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 3-4-nji iýulynda geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň 29-njy mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherine amala aşyran iş sapary köpugurly hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini nazarlamakda möhüm pursat boldy. Iş saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda duşuşyk geçirilip, hyzmatdaşlygyň giň meseleleri barada maslahatlaşyldy, häzirki döwrüň ýagdaýlary, bar bolan mümkinçilikler, geljek üçin meýilnamalar nazarlanyp, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) hemişelik esasda hereket edýän hökümetara halkara guramasydyr. 2001-nji ýylda döredilen bu guramanyň işiniň esasy wezipeleri sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy durmak maksady bilen, umumy tagallalary birleşdirmek, syýasy ulgamda oňyn dialogy, netijeli söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýar. ŞHG-niň iş dili diňe iki sanydyr — rus we hytaý dilleridir. Şu ýyl Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna Gazagystan Respublikasy başlyklyk edýär.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar