«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024
Uly ösüşleri, özgerişleri, dost-doganlyk gatnaşyklary bilen dünýäni özüne çekýän, abraýly halkara guramalaryň sylag-hormatyna mynasyp bolýan döwletimizde her günümiz biri-birinden zyýada şanly wakalara beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda bagtyň hem geljegiň şäheri bolan Arkadag şäherimiziň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk maslahatynda gelip gowşan hoş habar her bir türkmen raýatynyň toý şatlygyny artdyrdy.