Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitiniň çäklerinde geçirilen wekiliýet baştutanlarynyň «ŞHG+» görnüşindäki duşuşygyndaky çykyşynda geografik taýdan Türkmenistan uly taslamanyň tebigy we has oňaýly halkasy bolup durýandygyny we onuň çäklerinde ŞHG döwletleri bilen dürli formatlarda we düzümlerde işlemäge taýýardygyny aýtdy.
Ulag-üstaşyr ulgam barada aýdylanda bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, bu babatda Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa we Ýakyn Gündogara barýan ugry bellemeli. Anyk aýdylanda, gürrüň Ýewropa çykmak arkaly Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe geçelgesi barada barýar. Logistika nukdaýnazaryndan, bu örän amatly ýoldur.