Halkara giňişlikde

4 Iýul 2024
261

Parlamentara dialog işjeňleşdirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň 31-nji ýyllyk mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Rumyniýanyň Buharest şäherinde iş saparynda boldy. Maslahatda demokratiýany ösdürmek, adam hukuklary, durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapynyň wekili öz çykyşynda ýurdumyzyň parahatçylykly diplomatiýa, ykdysady hyzmatdaşlyk, medeni dialog, ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça tagallalara ygrarlydygyny tassyklady.

«TÜRKMENISTAN»
Beýleki habarlar