Sagdyn durmuş — bagtly ýaşaýyş

3 Iýul 2024
235

Berkarar ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesi jemgyýetimize giňden ornaşdyrylyp, ýaramaz endiklere garşy aýgytly göreş alnyp barylýar. Ýaş nesliň saglygy, olaryň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösüp ulalmaklary üçin döwlet derejesinde uly aladalar edilýär hem-de döwrebap şertler döredilýär. Munuň subutnamasy hökmünde saglygyň sakasy bolan bedenterbiýe we sport hereketiniň ösdürilmegini, sport mekdepleriniň, toplumlarynyň ýaşlaryň hyzmatyna berilmegini, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip ýaşamagy, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklerden daşda durmagy, sport bilen meşgullanmagy, elmydama hereketde bolmagy, dogry iýmitlenmegi ündeýän çäreleri görkezmek bolar.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan ata Watanymyzda saglyk ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär. «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda ýüze çykýan gatnaşyklar düzgünleşdirilýär, raýatlaryň saglygynyň temmäki, alkogol önümlerini ulanmagyň täsirinden goralmagy babatda döwlet syýasatynyň ugurlary kesgitlenýär.

Muhammet BEGJANOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Balkan welaýat müdirliginiň Balkanabat şäher bölüminiň uly döwlet bellige alyjysy.
Beýleki habarlar