Ýaş nesil hakda alada

3 Iýul 2024
208

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda bagtly çagalygyň ýurdy bolan ata Watanymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy, okamagy üçin ähli şertleriň döredilmegi netijesinde, çagalar häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap çagalar baglarynda, ak mekdeplerde bilim-terbiýe alýarlar. Dürli mazmunly çäreler olaryň döredijilik ukyplarynyň ösmegine ýardam edýär. Çagalara aýratyn söýgi bilen garamak halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen ruhy gymmatlygydyr. Bu asylly ýörelge täze taryhy eýýamda mynasyp dowam etdirilýär. Nesilleriň ylym-bilimli, arassa ahlakly, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri berilýän terbiýä baglydyr.

Edepli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek bolsa, döwrüň möhüm meselesi bolup durýar. Şundan ugur almak bilen, orta mekdeplerde wagyz-ündew çärelerini, düşündiriş işlerini geçirip durýarys. Olarda zyýanly endiklerden daşda durmak, ýagty geljegimiz bolan ýaş nesliň öňünde durýan möhüm wezipeler barada täsirli we ýatda galyjy söhbet edilýär. Şunuň bilen birlikde, mekdep okuwçylary köçe-ýol hereketiniň düzgünleri bilen hem yzygiderli tanyşdyrylýar.

Aýjemal ŞEREPOWA,
Balkanabat şäher polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň gözegçisi, polisiýanyň uly leýtenanty.
Beýleki habarlar