Körpeler «Lebapda» dynç alýarlar

3 Iýul 2024
199

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu günki gün dünýä halklarynda gyzyklanma döredýän dynç alyş merkezine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat edilen bu ajaýyp syýahatçylyk zolagynda mermer binalar, myhmanhanalar, akwaparklar, çagalar we ulular üçin niýetlenilen attraksionlar diňe bir watandaşlarymyza däl, eýsem, daşary döwletlerden gelen syýahatçylara hem ýatdan çykmajak ýakymy, sapaly dynç alşy bagyş edýär.

Edil häzirki tomus günlerinde bolsa çagalar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda özleriniň iň bir gyzykly, şadyýan günlerini başdan geçirýärler. Ähli amatlylyklary bolan sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde olaryň dynç alyş döwrüniň täsirli geçmegi üçin giň şertler döredilen. Welaýat häkimliginiň «Lebap» sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem welaýatymyzyň körpeleri wagtlaryny şadyýan geçirýärler. 10 gün dowam edýän her tapgyrda çagalaryň 100-si bu ajaýyp merkezde dynç alýar.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar