Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ördekleriň görnüşleri

3 Iýul 2024
774

Ýurdumyzda ördekleriň birnäçe görnüşi duş gelip, olar daşky keşbi bilen tapawutlanýarlar. Guşlar maşgalasynyň ählisinde bolşy ýaly, ördekleriň horazlary hem has köp reňkli perleri bilen tapawutlanýarlar. Derýa ördekleri uly we orta ölçegdäki suwda ýüzýän guşlardyr. Boýny we aýaklary gysgadyr. Ördekler kölleriň, derýalaryň golaýyndaky agaç köwüklerinde, höwürtgelerde ýaşaýarlar. Iýmitlenende, suwa doly çümmeýärler, olar suwa kellesini çümdürende, guýrugyny dik ýokarlygyna tutup saklanýarlar. Olar ösümlik tohumy, suw we suwýaka ösümlikleriň baldagy, bir topary bolsa suw oňurgasyzlary bilen iýmitlenýärler.

Ekinçi ördek öý ördeginden gabarasynyň kiçiligi bilen tapawutlanýar. Olaryň çal, gara öwüşginli perleriniň, goňur aýaklarynyň, arka we gapdal tarapynyň bolsa ýagty tegelek tegmilli çyparrak-çal reňklere utgaşmagyndan «mermer» nagyşlar emele gelýär. Etrek derýasynyň aşaky akymynda, Garagum, Amyderýa, Murgap we Tejen derýalarynda ýaşaýarlar. Türkmenistandan daşarda bolsa Günbatar we Günorta Aziýada, Müsüriň günortasynda, Hindistanyň demirgazyk-günbatarynda, Pakistanda we Eýranda gyşlaýarlar. Gyrmançaly süýji suwly ýalpak köllerde, suw üpjünçiligi ýeterlik bolan çöllük we ýarymçöllüklerde, oba hojalyk ýerleriniň golaýynda ýaşaýarlar. Olar aprel aýynyň ahyrynda uçup gelip, noýabrda uçup gidýärler. Ösümlikler we ownuk oňurgasyzlar bilen iýmitlenýärler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna 2008-nji ýylda girizildi.

Gülüstan HUDAÝAROWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar